TSMC şu ýylyň ikinji çärýeginde rekord 13,5 milliard dollar girdeji gazandy

  • 19.07.2025 17:54
  • 4.4k+

Dünýäde iň iri ýarymgeçiriji öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasy 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde rekord girdeji gazanandygyny habar berdi.

17-nji iýulda çap edilen hasabata görä, onuň arassa girdejisi 398,3 milliard taýwan dollary (13,5 milliard amerikan dollary) boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri  bilen deňeşdirilende 60,7 göterim köpdür. Bu netije seljerijileriň 378 milliard taýwan dollary (13,2 milliard amerikan dollary) girdeji alnar diýen optimistik çaklamalaryndan hem ýokary boldy.
Kompaniýa girdejisiniň güýçli artmagyny çiplerine we emeli aň ulgamynda ulanylýan beýleki enjamlaryna durnukly islegiň bolmagy bilen düşündirdi. Hasabata görä, ýarymgeçirijileriň satuwyndan gelýän girdejiniň 24% -i 3 nm çiplerden, 36% -i 5 nm-lik çiplerden we 14% -i 7-nm-lik çiplerden alynýar.
TSMC üçünji çärýekde satuwlarynyň ýene 40% artmagyna garaşýar.
2025-nji ýylyň ahyryna çenli kompaniýa girdejisiniň 30% töweregi artmagyna garaşýar.

düýn 17:02
1.7k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
4.9k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......