Nolanyň “Odisseýa” filmi bir ýyldan çykýandygyna garamazdan, eýýäm $1,5 mln ýygnady

  • 19.07.2025 13:37
  • 6.8k+

Universal studiýasy Kristofer Nolanyň “Odisseýa” filminiň IMAX görkezilişi üçin onuň premýerasyndan bir ýyl öň petek satyp başlady. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Bu kino taryhynda film üçin petekleriň ilkinji gezek şeýle ir elýeterli bolmagydyr.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, petekleriň 95%-i rekord gysga möhletde satyldy, kassa ýygymy bolsa eýýäm 1,5 mln dollara ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, filmi düşürmek işleri heniz tamamlananok. Nolan ony Gresiýada, Nestor gowagy, Woýdokilýa kenary we Metoni galasy ýaly ýerlerde düşürýär. Şeýle-de, surata düşürmek işleri bölekleýin Sisiliýa adasynda we Marokkodaky gadymy Aýt-Ben-Haddu obasynda alnyp barylýar. Alymlaryň pikiriçe, Sisiliýa Gomeriň eposynda Odisseýiň gezelenç eden ýeri bolupdyr.  
Gadymy grek poemasynyň epiki ekranlaşdyrmasy Mett Deýmon, Tom Holland, Zendaýa, Enn Heteueý, Şarliz Teron, Robert Pattinson, Jon Berntal we Lupita Niongo ýaly ýyldyz aktýorlary bir ýere ýygnady. Filmiň birinji tizeriniň premýerasynyň 2025-nji ýylyň tomsunyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......