HBO "Biziň iň soňkymyz" serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny tassyklady

  • 17.07.2025 17:25
  • 3.6k+

HBO-nyň we HBO Max-yň kontent boýunça ýolbaşçysy Keýsi Bloýs The Last of Us (“Biziň iň soňkymyz”) serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny habar berdi. Bu täze möwsümiň çykjak senesiniň ilkinji resmi tassyklamasy boldy diýip, Variety habar berýär.

Bloýsuň aýtmagyna görä, şouranner Kreýg Mazin serialyň dördünji möwsümi barada heniz bellibir netijä gelmedi. Üçünji bölümi giňeldip, ony jemleýji etmek mümkinçiligi gözden geçirilýär.
Serialyň awtorlary ozal The Last of Us Part 2 oýnunyň sýužetini ekranlaşdyrmak üçin bir möwsümiň ýeterlik däldigini belledi. Ikinji möwsüm 2020-nji ýylda PlayStation 4-de çykan hut bu oýna esaslanýar.
Iýul aýynda hakyky oýnuň awtorlarynyň biri Nil Drakmannyň indi serialyň üstündäki işlere gatnaşmaýandygy belli boldy. Ol Naughty Dog studiýasynyň başga taslamalaryna, şol sanda Intergalactic: The Heretic Prophet oýnuna ünsi jemlejekdigini aýtdy. Şeýle-de, taslamadan ikinji möwsüme gatnaşan ýerine ýetiriji prodýuser we ssenariçi Helli Gross gitdi. Ol täze taslamalar bilen meşgullanjakdygyny aýtdy. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......