Galaxy S26 Ultra täze ultra-inçe CoE OLED displeýine eýe bolar

  • 17.07.2025 14:38
  • 6.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra flagman smartfony Color Filter of Encapsulation tehnologiýasyny ulanýan iň täze CoE OLED displeýine eýe bolar. Bu barada Ice Universe hytaý insaýderi habar berdi.

CoE OLED beýleki displeýlerden adaty gatlaklaryň deregine reňk süzgüjiniň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar. Bu displeý modulynyň inçe bolmagyna we ýagtylygyň ekrandan geçen ýagdaýynda ýitmegini azaltmaga mümkinçilik berýär. Netijede, şeýle panelleriň has ýokary ýagtylygy we has gowy energiýa netijeliligini üpjün etmegine garaşylýar.
Kompaniýa OLED we eplenýän modellerde ulanylýan çeýe ekranlar ýaly hususy displeý tehnologiýalaryny işjeň ösdürýär. Galaxy S26 Ultra täze nesil panellerini ulanan ilkinji gurluşlaryň biri bolar.
Deslapky maglumatlara görä, smartfon 5000 mA/sag sygymly akkumulýatora we Sony sensorynyň esasynda 200 Mp kamera eýe bolar. 


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...