Galaxy S25 Ultra 2025-nji ýylyň iň gowy smartfony boldy

  • 17.07.2025 14:30
  • 5.8k+

Tom’s Guide neşiriniň bilermenleri 2025-nji ýylyň iň gowy on smartfonynyň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Galaxy S25 Ultra boldy. Bilermenleriň pikiriçe, umumy aýratynlyklary boýunça onuň bilen deňleşip biljek ýok.

Smartfon 6,9 dýuýmlyk AMOLED displeýi, Snapdragon 8 Elite çipseti we dört sensorly kamera bilen üpjün edildi. Esasy kemçilikler ýokary baha we Qi2 simsiz zarýad standartyny goldamazlygy boldy.
Ikinji orunda iOS smartfonlarynyň arasynda iň gowusy diýlip saýlanan Apple iPhone 16 Pro Max ýerleşdi. Ol Super Retina XDR OLED ekranyna, A18 Pro prosessoryna we suratyň hili üçin ýokary bahalara eýe boldy. Kemçilikleriň hatarynda haýal zarýad almagy we EA tehnologiýalaryny girizmekde yza galmagy görkezildi.
Üçünji orny Google Pixel 9 Pro eýeledi. Smartfon emeli aň mümkinçilikleriniň giňligi bilen tapawutlanýar we 4700 mA/sag akkumulýatorynyň hem-de energiýa tygşytlaýjy Tensor G4 çipsetiniň netijesinde zarýady uzak saklaýar – synagda 13 sagat 30 minut. Ýöne model umumy iş tizligi we bir zarýad bilen iş wagty boýunça bäsdeşlerinden yza galýar.
Dördünji orny Google Pixel 9a, bäşinji orny OnePlus 13 eýeledi. Soňkusy hil we baha gatnaşygy boýunça iň gowy Android flagmany diýlip atlandyryldy.
Şeýle-de, onluga şu aşakdakylar girdi:

  • iPhone 16;
  • Nothing Phone 3a Pro;
  • Galaxy S25;
  • Motorola Razr Ultra;
  • Galaxy S25 Edge.

16.05.2026 11:20
3.8k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....