Endrýu Garfild OpenAI kompaniýasyndaky dawa baradaky filmde Sem Altmanyň keşbini oýnar

  • 16.07.2025 13:39
  • 3.9k+

“Möý adam” filminiň ýyldyzy Endrýu Garfild täze “Emeli” (Artificial) dramedisinde Sem Altmanyň keşbini ýerine ýetirer. Filme Luka Guadanino režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär.

OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Ilýa Suskeweriň keşbini Ýura Borisow oýnar.
Film OpenAI bilen bagly wakalar barada gürrüň berer. Sýužet ChatGPT-ni döreden kompaniýanyň ýolbaşçylygyndaky dawalara esaslanar. 2023-nji ýylyň noýabrynda müdirler geňeşi garaşylmadyk ýagdaýda Sem Altmany baş direktor wezipesinden aýyrdy. Munuň sebäbi doly açylyp görkezilmedi, ýöne KHBS onuň bilen ýolbaşçylygyň arasynda dartgynlylygyň bardygyny habar berdi. Birnäçe günden soň işgärleriň we maýadarlaryň talaby bilen Altman wezipesine gaýtadan bellendi.
Film üçin ssenarini Saýmon Riç ýazdy. Ol şu tomus Italiýada düşüriler. Filmiň çykjak senesi barada maglumat ýok.
Garfild üçin bu Guadanino bilen ikinji bilelikdäki taslamadyr: ýylyň ahyryna çenli ol režissýoryň “Awdan soň” trillerinde hem peýda bolar. Aktýor “Wyždanyna görä” harby dramasyndaky (2016) we “Tik-tak, bum!” mýuziklindäki (2021) baş keşpleri üçin iki gezek “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Soňkusy üçin “Altyn globus” baýragyny aldy.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......