Apple wintaž we könelişen enjamlaryň sanawynyň üstüni ýetirdi

  • 16.07.2025 12:48
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy birnäçe Mac, iPhone we iPad modellerini goşmak bilen, wintaž we könelişen önümleriniň sanawyny artdyrdy diýip, kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan MacRumors habar berýär.

Wintaž enjamlarynyň hataryna korpusynyň şekilinden hem tanalýan 2013-nji ýylyň Mac Pro-sy goşuldy. Bu modeliň satuwy 2019-njy ýylda tamamlanypdy. Şeýle hem sanawa şu aşakdakylar goşuldy:

  • MacBook Air 2019,
  • 13 dýuýmlyk MacBook Air 2019,
  • iMac 2019,
  • 11 dýuýmlyk iPad Pro 2018,
  • 12,9 dýuýmlyk iPad Pro 2018-iň üçünji nesli,
  • 128 Gb ýady bolan iPhone 8.

Wintaž enjamlarynyň sanawynda ozal 64 GB we 256 GB ýady bolan iPhone 8 modelleri bardy.
Mundan başga-da, aşakdaky enjamlar wintaž sanawyndan könelişenleriň kategoriýasyna geçirildi:

  • AirPort Express-iň 2-nji nesli,
  • AirPort Time Capsule,
  • AirPort Extreme (802.11ac).

Apple-iň klassifikasiýasyna görä, wintaž enjamlary satuwy 5-7 ýyl ozal bes edilen enjamlardyr. Olara ygtyýarly hyzmat merkezlerinde diňe zerur bölek şaýlary bar bolan ýagdaýynda hyzmat edip bolýar. Satuwy 7 ýyl gowrak mundan ozal bes edilen enjamlar köne hasaplanýar we olara hyzmat edip bolmaýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...