Angliýada Redýard Kiplingiň ýaşan jaýy 3,6 mln funt sterlinge satylýar

  • 16.07.2025 11:46
  • 5.7k+

Londondan günorta-günbatardaky obada XIX asyryň ahyrynda iňlis ýazyjysy we şahyry Redýard Kiplingiň ýaşan we işlän jaýy satuwa çykaryldy. Gozgalmaýan emlägiň bahasy 3,6 mln funt sterlinge (takmynan, $4,8 mln) barabar diýip, Mansion Global habar berýär.

Kipling, beýleki eserleri bilen bir hatarda, Maugli atly oglan hakda nusgawy “Jeňňel kitabynyň” awtory hökmünde tanalýar. 1907-nji ýylda ol edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan ilkinji iňlis boldy.
“Arundel-haus” jaýy Tisberi obasynda ýerleşýär. Ýazyjy 1894-nji ýylda, golaýdaky “Geýbls” jaýynda ene-atasy ýaşan wagty bu ýerde birnäçe aý boldy. Şol jaý hem satuwa çykarylyp, 2021-nji ýylda satyldy.


Jaýyň fasady daş bilen örtülen bolup, narpyz-ýaşyl reňkdäki giriş gapylary ýarym aýlaw görnüşli aýna bilen bezeldi. Birinji gatda kaminli esasy myhman otagy we aşhana hem nahar iýilýän otag bilen birleşdirilen ikinji myhman otagy ýerleşýär. Onda tutuş diwary tutýan we yzky howla bakýan penjireler oturdyldy. Aşhanada ýörite sargyt esasynda taýýarlanan şkaflar we mermer stol tagtasy bar.
Ýokarky gatda wanna otagly we baglyga bakýan esasy ýatylýan otag, myhmanhana lýuksy we iki goşmaça ýatylýan otag bar.
Jaýyň çäginde çagyl howly, ideg edilen otluk, baglyk, telär we pizza üçin peç bar. Şeýle-de, açyk howada dynç almak üçin goşmaça zolaklar göz öňünde tutulan. 


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......