Jeýms Gannyň “Supermen” filmi dünýä prokatyna çykdy

  • 11.07.2025 14:42
  • 5k+

11-nji iýuldan dünýä kinoteatrlarynda Jeýms Gannyň “Supermen” filmi görkezilip başlandy. Bu režissýoryň gözegçilik etmegindäki täzelenen DC kinoäleminiň ilkinji filmidir.

Film Klark Kentiň ýaşlygy we onuň gahryman hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär. Ol öz şahsyýetiniň iki tarapyny – supergahrymany we adaty adamy utgaşdyrmaly bolar. Şeýle-de, ol özüniň zalym duşmany Leks Lýutor bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar.
Baş keşbi Dewid Korenswet ýerine ýetirdi. Filme Reýçel Brosnahen, Nikolas Holt, Izabella Mersed hem gatnaşdy.
Ozal Los-Anjelesde çäklendirilen premýera geçdi. Sosial ulgamlarda eýýäm tomaşaçylaryň we žurnalistleriň ilkinji garaýyşlary peýda boldy. Deslapky synlar oňyn boldy. Film “ýiti”, “täsirli” we “umytlandyryjy” diýlip atlandyryldy.
Kino tankytçysy Rendi Jons filmi “müňýyllykda polatdan Adam barada iň gowy film” diýip atlandyrdy.
Käbir tankytçylar filme ortaça baha berdi. Käbirleri bolsa, Jeýms Gannyň çak edişi ýaly, Supermeniň immigrantyň metaforasydygy baradaky ideýany kabul etmedi. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......