Şef-aşpez Jeými Oliwer dünýädäki iň uly aşpezlik sapagyny geçirdi

  • 10.07.2025 20:47
  • 4.9k+

Meşhur britaniýaly şef-aşpez, restorator, teleýaýlym alyp baryjysy, öýde nahar taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz ediji Jeými Oliwer täze dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda iň köp gatnaşyjyly aşpezlik sapagyny geçirdi. Bu sapaga alty yklymdaky 42 ýurtdan jemi 10 515 adam gatnaşdy. Sapaklar Beýik Britaniýadaky 500-den gowrak mekdepde, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerindäki okuw otaglarynda, konferensiýa zallarynda hem-de açyk meýdançalaryň patiolarynda geçirildi.

Oliweriň topary tarapyndan gurnalan çäre çagalaryň arasynda öýde nahar bişirmegi we sagdyn iýmitlenmegi giňden wagyz etmegi maksat edinýärdi. Gatnaşyjylar sapak üçin ýörite döredilen platformada öňünden hasaba alnypdy. Şef-aşpez bu işiň aňsatdygyny we gyzyklydygyny görkezmegi maksat edinipdi.
Sapagyň dowamynda gatnaşyjylar gaýnatmak zerurlygy bolmadyk pomidor sously makaron taýýarladylar. Sapagyň azyndan 30 minut dowam etmegine garaşylýardy, ýöne ol hakykatda, bir sagat töweregi dowam etdi. Sapagyň ahyrynda ähli gatnaşyjylar taýýarlan naharlaryny dadyp gördüler.
Sapagy şef-aşpez Jeými Kşiştof Sumik geçirdi. Jeými Oliwer hem çärä gatnaşdy we soňra bu sapakdan hem-de öz toparynyň begençli pursatlaryndan wideo ýazgyny Instagram-daky sahypasynda (@jamieoliver) paýlaşdy.

«Başardyk! Ginnesiň dünýä rekordyny goýanymyza diýseň buýsanýan. Bu ýagdaý bilelikde nahar bişirmegi öwrenmegiň hözirini görüp, näderejede uly täsir döredip bilýändigimizi ýene bir gezek subut etdi. Sapaga gatnaşanlar bolmasady, muny başaryp bilmezdik – şonsoň hemmäňize sagbolsun aýdýan we berekella bize!» — diýip, Oliwer ýazdy.

Öňki rekord 2015-nji ýylda Polşada «Partnership for Health» guramasy tarapyndan goýlupdy, oňa 6778 adam gatnaşypdy.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....