Tramp misiň importyna 50% gümrük pajyny girizdi: metalyň bahasy rekord täzeledi

  • 10.07.2025 18:00
  • 6.1k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp misiň importyna 50 göterimlik gümrük paçlarynyň girizilýändigini mälim etdi. Täze çäreler 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girer diýip, «Reuters» agentligi habar berýär.

«Milli howpsuzlygymyza giňişleýin baha berenimizden soň, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, mise 50% gümrük pajynyň giriziljekdigini mälim edýärin» — diýip, Tramp Truth Social sosial torunda ýazdy.

Onuň sözlerine görä, amerikan mis senagaty Ak tamyň öňki adminstrasiýasynyň alyp barýan syýasatlary sebäpli, çökgünlige sezewar boldy. Ol misiň strategik taýdan möhüm çig mal bolup durýandygyny, ýarymgeçirijileriň, uçarlaryň, elektromobiller üçin akkumulýatorlaryň hem-de harby tehnikalaryň önümçiliginde wajyp orny eýeleýändigini nygtady.

«Amerika agalyk ediji mis senagatyny täzeden gurar» — diýip, Tramp aýtdy.

Tramp bu gümrük paçlaryny girizmek baradaky meýilnamalaryny ilkinji gezek 8-nji iýuldaky ministrler kabinetiniň ýygnagynda mälim edipdi. Bu ýagdaý Çiliden we beýleki iri eksport ediji ýurtlardan misiň iberilişiniň artmagyna getirdi diýip, «The New York Times» neşiri belläp geçýär. Bu habardan soň, dünýä bazarlarynda misiň bahasy rekord derejä ýetdi. 8-nji iýulda Comex biržasyndaky söwdalarda sentýabr fýuçersleriniň bahasy 17,3% ýokarlanyp, bir funt üçin 5,8955 dollar boldy. Bu 1988-nji ýyldan bäri misiň bahasynyň gündelik iň uly ösüşi boldy.
Iýun aýynyň başynda Tramp poladyň we alýuminiň importyna salynýan gümrük paçlaryny hem 25%-den 50%-e çenli ýokarlandyrypdy. Ak tam bu ädimleri «milli howpsuzlyga howp salýan söwda amallaryna garşy jogäp çäresi» diýip düşündirdi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......