Samsung täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi

  • 10.07.2025 10:53
  • 3.2k+

Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda Samsung kompaniýasy täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi.

Galaxy Z Flip7 flagman modeliniň esasy aýratynlygy ulaldylan daşky displeý boldy – indi onuň diagonaly öňki 3,4 dýuým bilen deňeşdirilende 4,1 dýuým boldy. Ekran korpusyň ýokarky panelini doly tutýar. Içki AMOLED 2X displeýi hem 6,7 dýuýmdan 6,9 dýuýma çenli ulaldy.
Model Exynos 2500 prosessory bilen üpjün edildi. Operatiw ýat – 12 GB, içki – 256 ýa-da 512 GB.
Akkumulýator sygymy 4000-den 4300 mA/sag çenli artdyryldy we öndüriji munuň bütin gün işjeň işlemäge ýeterlikdigini aýdýar. Model öňki kameralar toplumyny saklap galdy. Esasy kamera Dual Pixel ulgamy we optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp bolup, 12 Mp ultra giňburçly kamera onuň üstüni ýetirýär. Frontal kamera – 10 Mp.
Gurluş üç reňkde: gara, gök we täze gyrmyzy reňklerde elýeterli bolar.
Kompaniýanyň ilkinji “arzan” eplenýän smartfony Galaxy Z Flip7 FE-niň bahasy azyndan 899 dollar bolar.
Ol 3,4 dýuým daşky we 6,7 dýuým içki displeýe, Exynos 2400 prosessoryna, 8 GB operatiw we 128 ýa-da 256 GB içki ýada eýe boldy. Akkumulýator sygymy – 4000 mA/sag. Smartfonyň korpusy IP48 ülňüsi boýunça goralýar, üstki panel we yzky gapak Gorilla Glass Victus 2 aýnasyndan ýerine ýetirildi.
Gurluş goşa esasy kamera eýe boldy: awtofokus we optiki durnuklaşdyrma bilen 50 MP esasy modul, şeýle-de 12 Mp ultra giňburçly kamera. Frontal kamera – 10 Mp.
Smartfon gara we ak reňklerde elýeterli.
Galaxy AI platformasy hem täzelendi. Indi ol ekranyň mazmunyny seljerip, kamera arkaly obýektleri tanap we wideoda fon sesini aýryp bilýär.
Bahalar:

  • ·Galaxy Z Flip7 12/256 GB - $1,099
  • ·Galaxy Z Flip7 12/512 GB - $1,219
  • ·Galaxy Z Flip7 FE 8/128 Gb - $899
  • ·Galaxy Z Flip7 FE 8/256 GB - $959.

11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...