Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi

  • 09.07.2025 20:12
  • 5.6k+

Twitter bilen Bluesky-yň esaslandyryjylaryndan biri bolan Jek Dorsi internet baglanyşygy bolmasa-da işleýän merkezleşdirilmedik Bitchat atly täze messenjeriň beta wersiýasyny hödürledi. Goşundy hatlary enjamlaryň arasynda geçirmek üçin Bluetooth Mesh tehnologiýasyndan peýdalanýar.

Resminamalarda aýdylmagyna görä, Bitchat global toruň näsazlyklaryna durnukly, wagtlaýyn we şifrlenen baglanyşyklary hödürleýär. Goşundyny ulanmak üçin registrasiýa etmek, hasap döretmek, e-poçta ýa-da telefon belgisi gerek däl. Hatlar diňe ulanyjynyň öz enjamynda saklanýar we «end-to-end encryption» usuly bilen şifrlenýär.
Bitchat gurnalan her bir enjam şol bir wagtda hem müşderiniň (client), hem-de serweriň wezipesini ýerine ýetirýär. Hatlar zynjyr döredip, enjamdan enjama geçýär. Ýagny, daş-töwereginde Bitchat ulanýan başga enjamlar bar bolsa, hatlar has hem uzak aralyga ýetip bilýär.
Dorsiniň sözlerine görä, Bluetooth Mesh Chat IRC-ä meňzeýär we 1990-njy ýyllaryň ilkinji onlaýn aragatnaşyk görnüşlerini ýada salýar. Ol şeýle hem geljekde goşundynyň uly göwrümli hatlary geçirmek üçin Wi-Fi arkaly hem işläp biljekdigini aýtdy.
Häzirki wagtda Bitchat diňe iPhone üçin beta görnüşde elýeterli. Goşundynyň doly wersiýasynyň ähli esasy platformalar üçin çykarylmagy meýilleşdirilýär.


05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

28.02.2026 19:51
5.1k+

Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar

Tehnologiýa kompaniýasy Block emeli aň guralynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda işgärleriniň takmynan ýarysyny işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, Twitter-i esaslandyryjy Jek Dorsi X sosial ulgamynda habar berdi...