“Alaňyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi

  • 09.07.2025 19:53
  • 5.1k+

Legendary studiýasy “Alaňyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Alaň: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy.

Ozal üçünji bölüm Frenk Gerbertiň 1969-njy ýylda çykan ikinji romany bilen baglylykda “Alaň: Halasgär” hökmünde görkezilipdi. Ýöne Warner Bros. we Legendary studiýalary has bitarap sözbaşyny ulanmak kararyna geldi.
Variety neşiri filmiň tutuşlygyna däl-de, köp böleginiň IMAX kameralarynyň ulanylmagy bilen düşüriljekdigini habar berýär. Şonuň üçin Kristofer Nolanyň geljekki “Odisseýa” filmi häzirlikçe doly IMAX formatda düşüriljek ýeke-täk taslama bolup galýar.
Režissýor Deni Wilnýow ozal Variety bilen söhbetdeşlikde ilkinji iki bölümi diptih, üçünji filmi bolsa franşizanyň özbaşdak bölümi hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Režissýoryň aýtmagyna görä, “üçünji bölüm özboluşlylyga eýe bolar. Şeýle-de, ol munuň “Alaňyň” çäklerinde iň soňky film boljakdygyny belledi. Ýöne hünärmen Warner Bros. we Legendary studiýalarynyň franşizany beýleki režissýorlar bilen dowam etdirjekdigine ynanýar.
Sosial ulgamlarda Wilnýow surata düşüriş meýdançasyndan ilkinji suraty hödürledi, onda çöl peýzažy şekillendirilen.


“Alaň: Üçünji bölüm” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 18-nji dekabryna meýilleşdirilýär.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......