Apple iPhone-yň çäge, duzly suw we asfalt synaglaryna nähili çydaýandygyny görkezdi

  • 09.07.2025 10:34
  • 5.1k+

Apple kompaniýasy iPhone-y adatdan daşary ulanyş şertlerinde nähili synagdan geçirýändigini görkezdi. Kompaniýanyň synag barlaghanalarynyň birine WWDC 2025 konferensiýasyna käbir gatnaşyjylar, şol sanda Counterpoint portalynyň analitikleri çagyryldy.

Maglumatlara görä, bazara çykarmazdan ozal kompaniýa azyndan 10 müň gurluşy synagdan geçirýär. Ähli synaglar dört topara bölünýär: daşky gurşawyň, suwuň, ýere gaçmagyň we wibrasiýalaryň täsiri.
Hususan-da, iPhone duzly dumanyň, Arizona çölünden çägäniň we ýokary ýagtylygyň täsirini bilmek üçin 100 sagatlyk synagdan geçirilýär. AirPods üçin emeli der we gulak gutusy döredilýär.
Gurluşlaryň suw geçirmeýjiligi halkara IP şkalasy boýunça kesgitlenýär. Mysal üçin, iPhone 16 Pro häzirki günde iň ýokarysy bolan IP68 reýtingine eýe. Ol tozandan doly goragy we alty metre çenli çuňlukda suwa çümmäge çydamlylygy kepillendirýär.

“IPX-kamera synaglary ýagşa öýkünýän damýan potolokdan başlaýar. Soňra hemmetaraplaýyn basyş bilen suwuň göni täsiri barlanýar. Önüm bu synagdan geçenden soň, ol IPX5 reýtingine eýe bolýar. Soňra uzakdan ýokary basyş bilen suw sepmek synagy geçirilýär, ol üstünlikli geçilen ýagdaýynda gurluş IPX6 gorag reýtingini alýar. Ahyrynda, gurluş ýokary basyşly suwly gaba çümdürilýär. Eger gurluş hiç hili zyýan ýetmezden birden alty metre çenli çuňluga çümmäge çydaýan bolsa, degişlilikde, IPX7 we IPX8 gorag reýtinglerini alýar” – diýip, Counterpoint analitikleri synaglar barada aýdýar.

Goşmaça gazlandyrylan içgä, şireli suwa, Günden goraýjy kreme we atyrlara çydamlylyk barlanýar.
Şeýle-de, gurluşlar ýörite robotyň kömegi bilen dürli taraplaýyn asfaltyň, granitiň we çaglyň üstüne gaçyrylyp synalýar. Her bir täsir diňe Apple-iň inženerlerine elýeterli bolan pogramma üpjünçiligi tarapyndan seljerilýär.
Ýük daşalanda, mysal üçin, nätekiz ýolda motosikliň bagažynda äkidilende gurluşa nähili täsiriň ýetýändigini bilmek üçin bolsa, wibrasiýa synaglary geçirilýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...