Metacritic 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 20 serialyny saýlady

  • 08.07.2025 17:28
  • 3.2k+

Metacritic portaly 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykan we iň ýokary bahalary alan seriallaryň 20-ligini hödürledi. Sanawa hünärmen tankytçylardan azyndan ýedi syn alan taslamalar girdi.

Reýtingde Netflix-iň alty taslamasy bar. BritBox sanawa üç serial, Apple TV, Hulu we Prime Video bolsa iki serial bilen girdi.
Iň gowy serial Filipp Barantininiň “Ýetginjeklik döwri” (Переходный возраст) drama mini serialy boldy. Ol dört bölümden ybarat.

“Ýetginjeklik döwri” diňe bir aktýorlaryň işi bilen tapawutlanmaýar: bu drama serialynyň her bir bölümi hakyky wagtda bir üznüksiz dubl bilen düşürildi. Netije – häzire çenli Netflix-iň iň uly hitleriniň biri” – diýip, portal belleýär.

Ikinji orunda ýene bir britan dramasy “Ýagşy niýet bilen” (Из лучших побуждений) ýerleşýär. Bu serial hem dört bölümden ybarat. Ol 2023-nji ýylda Bi-bi-side çykdy, ýöne amerikan prokatyna diňe 2025-nji ýylyň fewralynda goýberildi. Serial BAFTA baýragyna dalaşgär görkezildi.
Üçünji orny “Ömürlik seniň bilen” (Навсегда с тобой) eýeledi. Ol Judi Blumyň romanynyň ekranlaşdyrmasydyr. Serial Mara Brok Akil tarapyndan döredildi. Waka 2018-nji ýylda Los-Anjelesde bolup geçýär.
Sanawdaky beýleki taslamalaryň arasynda “Zäherli şäher” (Токсичный город), “Uzak demirgazyga insiz ýol” (Узкая дорога на дальний север), “Kinostudiýa” (Киностудия), “Müň urgy” (Тысяча ударов), “Lýudwig” (Людвиг), “ABŞ-nyň iň bagtly maşgalasy” (Самая счастливая семья США) we “Siziň dostlukly goňşyňyz Möý adam” (Ваш дружелюбный сосед Человек-паук) hem bar.
Doly reýting bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......