ABŞ ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girizilmegini awgusta çenli yza süýşürdi

  • 08.07.2025 17:16
  • 4.3k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtlardan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli uzaltdy. Bu barada Ak tamyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Ilkibaşda käbir ýurtlar üçin aýratyn gümrük paçlaryny 9-njy iýuldan güýje girizmek meýilleşdirilipdi. Emma Prezident Tramp söwda şertnamalary bilen baglanyşykly gepleşikleriň tamamlanmagy üçin, goşmaça wagt bermek kararyna geldi. Ak tamyň beýannamasynda aýdylmagyna görä, bu karar ýokary derejeli resmileriň, şol sanda ABŞ-nyň söwda hyzmatdaşlary bilen alnyp barylýan gepleşikleriň ýagdaýy boýunça olaryň beren maslahatlarynyň esasynda kabul edilipdir.
Ak tamyň beýanatynda Prezidentiň birnäçe ýurda 1-nji awgustdan başlap, täze özara gümrük paçlarynyň güýje girjekdigi barada hat iberendigi aýdylýar.
1-nji awgustdan başlap, ABŞ Ýaponiýadan we Günorta Koreýadan getirilýän ähli harytlara, ABŞ-da öndürilen önümlerden başga, umumylykda, 25 göterimlik gümrük pajyny girizmegi meýilleşdirýär. Tokionyň ýa-da Seulyň garşylyklaýyn çäre gören halatynda, ABŞ-nyň bu paçlary has-da artdyrmak hukugynyň saklanýandygy bellenip geçilýär.
Donald Tramp şu ýylyň aprelinde 185 ýurtdan getirilýän harytlara salynýan gümrük paçlarynyň düýpli ýokarlandyryljakdygyny resmi taýdan yglan edipdi. Ilkinji tapgyrda 5-nji aprelden başlap umumy 10 göterimlik paçlaryň, soň bolsa 9-njy aprelden aýratyn paçlaryň güýje girmegi meýilleşdirilipdi. Ýöne soňra bu çäreler 90 gün möhlet bilen yza süýşürildi.
Häzirki wagta çenli ABŞ diňe üç ýurt – Wýetnam, Hytaý we Beýik Britaniýa bilen söwda şertnamalaryna gol çekdi. Waşington birnäçe möhüm hyzmatdaş, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we Hindistan bilen söwda şertnamalary boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirýär.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......