Apple Music 10 ýylyň içinde iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çykardy

  • 08.07.2025 10:48
  • 4k+

Apple Music akym hyzmatynyň 10 ýyllygy mynasybetli platformada iň köp diňlenen 500 aýdymyň sanawyny çap etdi. Ed Şiranyň “Shape of You”aýdymy sanawda birinji ýeri eýeledi.

2017-nji ýylda çykan bu aýdym platformanyň taryhynda iň meşhury boldy. Ol iň azyndan bir ýurtda yzygiderli 1000 günden gowrak wagtlap “Top Songs” sanawynda birinji orny saklady we pop-saz kategoriýasynda bir günde iň köp diňlenmekde rekord goýdy.
The Weeknd-iň “Blinding Lights” aýdymy 180 günden gowrak wagtlap “Global Daily Top 100” dünýä çartynyň ilkinji 10-lugynda saklanyp, ikinji ýeri eýeledi. Drake-iň "God’s Plan" treki hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenen hip-hop-kompozisiýasy üçünji orny eýeledi. Top-500-e bu ýerine ýetirijiniň ýene 26 aýdymy girdi, şolaryň dokuzysy ilkinji ýüzlükde.
Dördünji we bäşinji orunlary Post Malone-nyň “Sunflower” we “Rockstar” trekleri eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga Dreýkiň “One Dance”, Trewis Skottyň “Sicko Mode”, Ed Şiranyň “Perfect”, Kris Braunyň “No Guidance” we Billi Aýlişiň “Bad Guy” aýdymlary girdi.
Çartdaky iň köne trek Queen toparynyň “Bohemian Rhapsody” (156-njy orun) boldy. Iň ýokary bahalandyrylan kantri-kompozisiýa Lil Nas X-iň "Old Town Road" aýdymy (60-njy orun) boldy.
Zenanlaryň arasynda Teýlor Swift sanawda beýlekilere garanda has köp duşýar – onuň 14 aýdymy bar; onuň iň ýokary baha berlen aýdymy “Cruel Summer” (57-nji orun). Reýting Trewis Skottuň “Fair Trade” treki bilen ýapylýar.


düýn 09:49
699

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...

18.01.2026 15:41
9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

17.01.2026 13:23
4.1k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

14.01.2026 09:37
1.2k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...