Şu ýyl Ýerde iň gysga günler tomusda bolar

  • 07.07.2025 18:06
  • 13k+

Ýeriň aýlanmagynyň we hasaplama ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) işgärleri planetanyň adatdakysyndan çalt aýlanyp başlajak senesini hasaplady. Hasaplamalara görä, günleriň dowamlylygy 9-njy we 22-nji iýulda, şeýle-de 5-nji awgustda gysgalar. Deslapky maglumatlar boýunça, gysgalma, takmynan, 1,51 millisekunt ýa-da ondan sähel köp bolup biler.

Ortaça Ýeriň bir aýlawy 86 400 sekunt dowam edýär, ýöne günleriň hakyky dowamlylygy 1-2 millisekunt aralykda üýtgeýär. 2020-nji ýyldan soň alymlar Ýeriň çalt aýlanyp başlanandygyny hasaba aldy: günleriň dowamlylygynyň 1,5 ms gysgalmak ähtimallygy has ýokarlandy.

Şol bir wagtyň özünde uzak möhletleýin geljekde Ýer haýal aýlanýar. Dinozawrlar eýýamynda günler 23 sagat töweregi dowam edipdir, 200 million ýyldan soň bolsa olar 25 sagat bolup biler. Bu Aýyň Ýerden kem-kemden daşlaşmagy we onuň aýlanmagyny “togtatmagy” bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle-de bolsa, ýakyn wagtda Aýyň grawitasiýa täsiri Ýeriň çaltlaşmagyna getirer. Mundan başga-da, aýlanmagyň tizligine geologiki prosesler, ýertitremeler we uly infrastruktura desgalary täsir edýär. Hususan-da, Hytaýdaky “Üç jülge” gidroelektrostansiýasynyň gurluşygy, hasaplamalar boýunça, Ýeriň aýlanmagyny 0,06 mikrosekunt haýallatdy.

Häzirki wagtda iň gysga gün rekordy 2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda hasaba alyndy – gün 1,66 millisekunt gysgaldy. Ýöne şu ýylyň iýul we awgust aýlarynda bu rekord görkezijiler täzelenip bilner.


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......