La-Palma adasynda planetanyň aýlanyşyny kamera düşürdiler

  • 22.07.2025 12:18
  • 12k+

Kanar adalarynda sekiz sagatlyk taýmlaps düşürildi we onda Ýeriň aýlanyşy görünýär. Wideonyň awtory tinmar_g lakamly Reddit ulanyjysy boldy. Ol La-Palmas adasynda kamera gurnady we Star Adventurer astrotrekeriniň kömegi bilen ony asmanyň bir nokadyna gönükdirdi.

Şeýle çemeleşmäniň netijesinde kadrda ýyldyzlar hereketsiz durýar we hakykatda bolşy ýaly Ýeriň özüniň aýlanýan ýagdaýy emele gelýär.
Obýektiwe dumanly gaýalar, süýşüp gelýän bulutlar we atmosferanyň ýaşyl öwüşgini düşdi, käwagt golaýdan geçip barýan ulaglaryň çyralaryny-da görmek bolýar.
Wideo sekiz sagat dowam edýär we açyk kosmosdan planeta syn edýän ýaly duýgy döreýär.


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

15.05.2026 10:31
2.3k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......