Arheologlar 50-nji ölçegdäki rim aýakgabyny tapdy

  • 06.07.2025 20:16
  • 12k+

Arheologlar Britaniýanyň demirgazygyndaky Nortumberlend graflygynda ýerleşýän Magna rim galasyndaky gazuw-agtaryş işlerinden soň özboluşly tapyndy barada habar berdi. Rimliler tarapyndan zibil ýeri hökmünde ulanylan gorag garymynda 32 jübüt deri aýakgaby tapyldy. Bu barada “Windolanda” haýyr-sahawat gaznasy habar berdi.

Umumy toplumdan sekiz jübüt ylmy gözlegçilerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Olaryň dabanynyň uzynlygy azyndan 30 santimetrdi (biziň ölçeglerimiz boýunça – takmynan, 46-47-nji ölçeg), iň uly jübüt bolsa 32,6 santimetre ýetýär – bu 50-nji ölçegden hem uludyr.
Bu şeýle ululykdaky aýakgaplaryň ilkinji gezek tapylmagy däl. Soňky 55 ýylda goňşy Windolanda rim galasynda arheologlar 5 müň jübüt rim aýakgabyny tapdy, olaryň arasynda adatdan daşary ululykdaky 4-5 jübüt hem bardy.

Arheolog Reýçel Freýmiň aýtmagyna görä, bu babatda birnäçe pikir bar: ýa-da bu sebitde, hakykatdanam, örän uzyn adamlar ýaşapdyr, ýa-da aýakgap bu ýere gelen göwresi uly bolan adamlara degişli bolupdyr.
Alymlara häzirlikçe bu aýakgaby kimiň geýendigi we onuň haçan taýýarlanandygy mälim däl. Deslapky maglumat boýunça, olaryň ýaşy iki müň ýyla barabar. Has takyk senäni şol bir toprak gatlaklarynda tapylan keramikanyň seljermesi arkaly kesgitlemek başardar.
Freým Magnada we Windolandada aýakgaplaryň örän gowy ýagdaýda saklanmagynyň toprakda kislorodyň az bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belledi. 


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......