Mask täze partiýa döredip, ony “Amerika” diýip atlandyrdy

  • 06.07.2025 19:52
  • 12k+

Dünýäniň iň baý adamy, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask “Amerika” ady bilen täze syýasy partiýany döredendigini aýtdy. Bu barada ol 5-nji iýulda ulanyjylaryň arasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça X sosial ulgamynda habar berdi.

ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni Mask öz akkauntyna ýazylan adamlardan olaryň iki partiýaly syýasy ulgamdan garaşsyz bolmak isleýändigini ýa-da ýokdugyny sorady. Pikir soraşma gatnaşanlaryň üçden iki bölegi (65,4%) razylyk bilen jogap berdi, 34,6%-i garşy çykdy.

“2-ä 1 gatnaşygy bilen siz täze syýasy partiýany islediňiz we siz ony alarsyňyz… Şu gün size erkinligiňizi gaýdyp bermek üçin, “Amerika” partiýasy döredildi” – diýip, işewür şenbe güni agşam ýazdy.

Maskyň aýtmagyna görä, iki partiýalyk ulgamdan garaşsyz bolmak üçin Senatda 2-3 orna we Wekiller palatasynda 8-10 okruga ünsi gönükdirmek ýeterlik. Bu kanunlaryň kabul edilmegine täsir etmäge, aýratynam, partiýalaryň arasyndaky deňagramlylyk gowşak bolanda aýgytly sesi üpjün etmäge we kanunlaryň halkyň islegine laýyk gelmegini kepillendirmäge mümkinçilik berer.
Mask ozal Kongres ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan “Uly ajaýyp kanun” (The Big Beautiful Bill) diýlip atlandyrylan salgyt ýeňillikleri baradaky kanuny kabul eden ýagdaýynda partiýa döredip biljekdigini aýtdy. ABŞ-nyň Senaty bir ses artykmaçlygy (51:50) bilen bu kanun taslamasyny kabul etdi – aýgytly ses wise-prezident Jeý Di Wensiň sesi boldy. Kongres 3-nji iýulda kongresmenleriň iň az zerur sanynyň – Wekiller palatasynyň 218 agzasynyň goldawyny alyp, kanuny tassyklady. 214 kongresmen – ähli demokratlar we iki respublikan garşy çykdy. Tramp bu kanuna 4-nji iýulda gol çekdi. 


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......