Apple Watch Ultra 3 hemra aragatnaşygy we 5G goldawy bilen çykar

  • 06.07.2025 15:06
  • 1.8k+

Apple kompaniýasy Watch Ultra 3 smart-sagadyny 2025-nji ýylyň güýzünde çykarmaga taýynlyk görýär. Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurmanyň habaryna görä, täze model hemra aragatnaşygyny we 5G torlaryny goldar.

Hemra aragatnaşyk arkaly tekst habarlaryny Wi-Fi ýa-da öýjükli torlara birikmezden ugradyp bolar, munuň üçin iPhone-yň hem zerurlygy bolmaz. Bu aýratynlyk diňe LTE-ni goldaýan modellerden esasy tapawutlaryň biri bolar.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, enjam täze S10 çibi ýa-da has döwrebap prosessor bilen üpjün ediler. Şeýle hem tiz zarýad bermek mümkinçiligi we täzelenen OLED displeý göz öňünde tutulýar. Täze displeý has ýagty bolar, giň burçdan görkezmegi üpjün eder we «Hemişe açyk displeý» (Always-on display) ýagdaýyndaky täzelenme ýygylygy ýokarlandyrylar. Şeýle aýratynlyklar eýýämden Apple Watch Series 10-da bar.
Apple Watch Ultra 2-de esasy üýtgeşme diňe goýy çal titan reňkli täze korpus bolupdy. Emma üçünji nesil model 2023-nji ýyldan bäri ilkinji möhüm enjam taýdan täzelenme bolup biler.
Şeýle-de bolsa, meýilleşdirilen ähli aýratynlyklaryň sagadyň çykjak wagtyna taýyn edilip ýetişilmezligem mümkin. Mark Gurman mart aýynda ganyň basyşyny ölçeýän funksiýanyň ornaşdyrylmagynda kynçylyklaryň bardygyny aýdypdy. Sagadyň çykjak wagtyna çenli Apple-yň bu mümkinçiligi taýyn edip ýetişip-ýetişmejekdigi häzirem näbelli.
MacRumors portalynyň habaryna görä, Apple Watch Ultra 3-üň tanyşdyrylyşy iki aýdan hem az wagtyň dowamynda bolup biler.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...