iOS 26-da ulanyjy uka giden wagty nauşnikler awtomatik ýagdaýda öçer

  • 06.07.2025 14:52
  • 2.6k+

iOS 26 operasion ulgamynda eger-de ulanyjy aýdym ýa-da islendik bir mazmun diňleýän wagty uklap galsa, AirPods we Beats nauşniklerini awtomatiki usulda öçürýän funksiýa peýda bolar. Bu mümkinçilik ýatmazdan öň aýdym, audiokitap ýa-da podkast diňleýänler üçin peýdalydyr.

Funksiýa «Pause Media When Falling Asleep» (Uka gidilende mediany duruzmak) diýlip atlandyrylýar. Ulanyjy diňleýän mazmunyna üns bermegini bes eden badyna, ses togtadylýar we nauşnikler öçürilýär. Munuň netijesinde batareýanyň güýji tygşytlanýar we audiokitabyň ýa-da podkastyň haýsy ýerinde galandygy ýatda saklanylýar.
Apple ulgamyň ulanyjynyň uka gidendigini nädip kesgitleýändigini anyklaşdyrmady.
Täze mümkinçilik barada Apple ilkinji gezek WWDC 2025 konferensiýasynda mälim etdi. Şonda gürrüň diňe AirPods barada gidýärdi. Ýöne MacRumors portalynyň awtorlarynyň biriniň anyklamagyna görä, bu funksiýa käbir Beats modellerinde hem işleýär.
iOS 26 täzelenmesi gurnalan badyna bu opsiýa deslapky ýagdaýda işjeň bolar. Eger-de enjam bilen nauşnikler birikdirilen bolsa, ony iPhone sazlamalaryndan dolandyrmak mümkin bolar. Häzirki wagtda iOS 26 diňe işläp düzüjiler üçin elýeterli. Köpçülige niýetlenen beta wersiýasynyň ýakyn wagtda çykarylmagyna garaşylýar, doly wersiýasy bolsa sentýabrda paýlanar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...