Çehiýada giň gerimli tok öçmesi boldy: Pragada metro durdy, adamlar liftlerde galdy

  • 04.07.2025 18:07
  • 5.3k+

Çehiýada şu gün günortan töweregi giň gerimli tok öçmesi boldy diýip, «Novinky.cz» neşiri habar berýär.

Tok öçmesi Praga şäheriniň köp bölegine, şeýle-de bäş sebite, şol sanda Mlada-Boleslawa, Usti-nad-Labeme we Grades-Kralowä hem täsir etdi.
Paýtagtda metro we otly gatnawy tutuş togtady, şeýle-de tramwaý bilen trolleýbus hatarlarynyň aglabasy hem işlemedi. Soňra otly gatnawlary täzeden dikeldildi. Ýangyn söndürijiler liftlerde galan adamlary halas etmek üçin öýlere çagyryldy. Hassahanalar ätiýaçlyk tok çeşmesine geçdiler. Bankomatlar işini bes etdi.
Şeýle-de bolsa, Praganyň howa menzilleri işini adaty ýagdaýda dowam etdirdi.

Deslapky maglumatlara görä, näsazlyk energoulgamdaky tehniki säwlik bilen baglanyşykly. Elektrik energiýasyny tutuş ýurt boýunça paýlaýan «ČEPS» kompaniýasynyň ýokary woltly geçirijiler ulgamynda näsazlyk ýüze çykypdyr. Häzir hadysanyň takyk sebäpleri anyklanýar.
Polisiýanyň bellemegine görä, häzirki wagtda bu wakanyň arkasynda kiberhüjümiň ýa-da terrorçylykly howpuň bardygy barada hiç hili delil ýok. Şonuň bilen birlikde, hukuk goraýjy edaralar patrul gözegçiligini güýçlendirdiler.
Ýatlatsak, maý aýynyň başlarynda Ispaniýanyň we Portugaliýanyň energoulgamynda ýüze çykan generasiýa bilen bagly kynçylyklar sebäpli, bu ýurtlaryň uly bölegi elektrik energiýasyz galypdy. Käbir sebitlerde elektrik üpjünçiligini dikeltmek bäş sagada çekipdi.


19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
8.4k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......