“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi

  • 03.07.2025 18:24
  • 3.8k+

Astronomlar “Habble” kosmos teleskopyny ulanmak bilen, Sowur ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän yzyna serpikdiriji şöhleli GN 04.32.8 dumanlygyny surata aldylar. DG 41 diýlip hem atlandyrylýan bu ýyldyzlar topary molekulýar buludyň düzümindedir.

"Şöhläni yzyna serpikdiriji dumanlyk - beýleki dumanlyklardan tapawutlylykda, bu kosmosdaky özi ýagtylyk çykarmaýan tozan bulutlarydyr. Muňa derek ýakynynda ýerleşen ýyldyzlaryň ýagtylygy olaryň tozanlaryndan yza serpigip, ýagtylandyrýar" – diýip, “Habble” obserwatoriýasynyň astronomlarynyň habarynda aýdylýar.

Ýagtylygy ýaýradýandygy sebäpli bu dumanlyklar köplenç mawy görünýär. GN 04.32.8 “Habbldan” alnan şekiliniň merkezinde görünýän üç sany ýagty ýyldyz bilen yşyklandyrylýar. Ýagtylygyň esasy çeşmesi merkezde ýerleşýän Sowuryň üýtgeýän V1025 ýyldyzydyr.
Üç ýyldyzdan biri bolan HP Sowur (HP Tauri) dumanlygy bölekleýin ýapýar. Ol T Sowur (T Tauri) ýyldyzy tipli ýaş üýtgeýän ýyldyzyň bir görnüşidir. Üç obýektiň - HP Tau, HP Tau G2 we HP Tau G3 üçüsi hem, barlagçylaryň pikirine görä,  dartyş güýji bilen baglanyşykly we üç ýyldyzly ulgamy emele getirýär diýlip hasaplanýar.
Şeýle hem suratda uly bolmadyk, ýasyrak mämişi tegmil görünýär, bu protoplanetanyň diskinde gizlenen ýaňy-ýakynda dörän protoýyldyzdyr. "Diskiň bize gapdal durany sebäpli, ol öwrenmäge amatly" -diýip, barlagçylar belleýäler.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....