Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer

  • 02.07.2025 14:10
  • 2.9k+

Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär.

Ilkinji göni ýaýlymlar eýýäm şu ýylyň tomsunda bolar.
Netflix-e ýazylanlar Halkara kosmos stansiýasyndan (HKS) reportažlary we kosmosdan Ýeriň görnüşini görüp biler.
The Verge-iň maglumatlaryna görä, Milli aeronawtika we kosmos giňişlini öwrenmek boýunça edara (NASA) öz missiýalaryny NASA+ akym hyzmatynda hem ýaýlyma bermegini dowam etdirer. Ol 2023-nji ýylyň noýabrynda döredildi we ýazylyşyk bolmazdan işleýär.
Netflix bilen hyzmatdaşlyk NASA-nyň işini global auditoriýa üçin has elýeterli etmäge mümkinçilik berer.

“Biz bilelikde täze nesillere ylham bermek bilen, innowasiýalaryň we gözlegleriň Altyn asyryna tarap ymtylýarys” – diýip, gurama belleýär.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......