Mercedes-AMG 1360 at güýji bolan GT XX ulagynyň nusgasyny görkezdi

  • 01.07.2025 18:05
  • 3.8k+

Mersedes-AMG 2026-njy ýyla çenli önümçilik sedanyna öwrüljek aşa güýçli dört gapyly kupesini - GT XX konsepsiýaly elektrik awtoulagyny hödürledi. Täze model Porsche Taycan, Xiaomi SU7 Ultra we beýleki ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary bilen bäsleşmek üçin döredildi.

GT XX üýtgeşik dizaýny bilen tapawutlanýar. Onuň aerodinamika garşy duruş  koeffisiýenti 0,198. Integrirlenen optikaly, işjeň howa girişli we howa tormozy ýaly hereket edip bilýän, bäşinji gapydaky çekilip bilinýän inli radiator paneli ünsüňi özüne çekýär.
Beýleki aýratynlyklarynyň arasynda yşyklandyrylan gapdal panelleri, işjeň elementli 21 dýuýmlyk tekerleri, pyýadalara duýduryş bermek üçin faralarda oturdylan dinamikleri hem-de tekst we animasiýa görkezmek üçin 700 dürli programmirläp bolýan LED paneli görkezmek bolar. Ulagda yzky aýna ýok.

Salony futuristik stilde bezelendir: karbondan edilen susak pisint oturgyçlar, ruluň ýerine şturwal we sürüjä gönükdirilen sanly kokpit. Yşyklandyryş, hatda merkezi tunelde hem bar.
Awtoulag täze AMG.EA platformasynda guruldy we Yasa tarapyndan işlenip düzülen üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy (biri öň tarapda, ikisi yzda). Jemi kuwwaty 1360 at güýji, aňrybaş tizligi sagatda 360 km.
NCM-A öýjüklerindäki çekiş batareýasyna aýratyn üns berilýär. Ol 300 Wt·ç / kg energiýa dykyzlygyny üpjün edýär, bäş minutda 400 km-ä ýetýän zarýad bermäge ukyply we netijeli sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Batareýa platforma gurlup, howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin merkezde ýerleşýär.


30.04.2026 16:52
4.3k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......

22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....

21.04.2026 11:09
3.8k+

Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre......

13.04.2026 00:35
7.4k+

Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»......