“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy

  • 30.06.2025 17:06
  • 3.8k+

“28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň dünýädäki kassa ýygymy 100 mln dollardan geçdi. Režissýor Denni Boýluň kartinasy bu görkezijä 20-nji iýunda bolan premýerasyndan soň dokuz günüň içinde ýetmegi başardy.

Film franşizada eýýäm iň köp girdeji gazanan boldy. Birinji bölüm – “28 gün soň” – prokatda 75 mln dollar, onuň dowamy “28 hepde soň” bolsa 72 mln dollar gazanypdy.
Täze filmiň býujeti 75 mln dollara barabar. Taslama harajaty ödemek üçin marketing çykdajylaryny hasaba alyp, ýene 40 mln dollar töweregi gazanmaly.
“28 ýyl soň” öňki filmleriň wakalaryny dowam etdirýän zombi-horrordyr. Sýužet ölüm ýassygyndaky ejesini halas etmek üçin lukman gözleýän oglan barada gürrüň berýär. Onuň ýoly 28 ýyl mundan ozal başlanan epidemiýadan zyýan çeken ýurduň üstünden geçýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......