«Galaxy Buds Core» Samsung-yň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan iň arzan nauşnigi boldy

  • 30.06.2025 10:46
  • 2.4k+

Samsung täze simsiz nauşnigini - Galaxy Buds Core-y hödürledi. Bu model kompaniýanyň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan (ANC) iň arzan nauşnigi bolup durýar. Täze nauşnik Galaxy Buds FE-den has arzan bolsa-da, onuň esasy aýratynlyklaryny saklaýar, şeýle-de ýokary hilli audiokodekleri goldaýar.

Galaxy Buds Core daşky görnüşi boýunça hem Buds FE-ni ýada salýar. Ol USB Type-C porty bolan we simsiz zarýad bermegi goldaýan zarýad gutusy bilen bilelikde gelýär.
Nauşnik Bluetooth 5.4 bilen enjamlaşdyrylan we AAC bilen Samsung Seamless Codec (SSC) ýaly ýokary hilli audiokodekleri goldaýar. Öndürijiniň ýazmagyna görä, ol sesli jaňlarda ýokary hili üpjün edýär. Şeýle hem Galaxy AI bilen bilelikde häzirki wagtda terjime funksiýasy hem bar. Bu funksiýa ekrana degmezden, ýagny fon tertibinde işleýär, ýöne diňe Galaxy AI bolan smartfonlarda, mysal üçin, Galaxy S22, Z Fold4 we Flip4 modellerinden başlap ulanyp bolýar.

Her bir nauşnikde 65 mA·sag sygymly akkumulýator bar, zarýad gutusynda bolsa 500 mA·sag sygymly batareýa ýerleşdirilen. Işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrmak funksiýasy öçürilen ýagdaýynda nauşnikler 35 sagada çenli, açyk ýagdaýynda bolsa 20 sagada çenli işleýär. Bir nauşnigiň agramy 5,3 gram, gutusy bilen bilelikde hemmesi – 31,2 gram. Enjam IP54 ülňüsine görä tozana we suwa garşy gorag bilen üpjün edilen.
Galaxy Buds Core gara we ak reňklerde elýeterlidir. Hindistanda bahasy 4999 rupiýadan (takmynan, 58 dollar) satuwyna başlandy. Beýleki ýurtlarda haçan we näçeden satuwa çykaryljakdygy barada häzirlikçe maglumat ýok.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...