«Ýadro gyşy» Vogue bilen hoşlaşýar: Anna Wintur baş redaktorlyk wezipesinden çekilýär

  • 27.06.2025 23:34
  • 3.4k+

Britaniýaly žurnalist we moda dünýäsiniň iň täsirli şahsyýetleriniň biri hasaplanýan Anna Wintur «Vogue» amerikan žurnalynyň baş redaktory wezipesinden çekilýär. Ol bu wezipede 37 ýyl işledi diýip, «Condé Nast» mediakompaniýasyna salgylanyp, CNN habar berýär. Ol bu karary barada kärdeşlerine 26-njy iýunda mälim edipdir.

Baş redaktor wezipesinden çekilýändigine garamazdan, Wintur «Condé Nast» bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Ol «Vogue» žurnalynyň ählumumy redaksion müdiri hem-de «Condé Nast-yň» baş mazmun direktory wezipelerini saklap galar. Wintur bu wezipelerde mediaholdingiň «Vanity Fair», «Wired», «GQ», «Architectural Digest», «Bon Appétit» we «Condé Nast Traveler» ýaly halkara neşirlerine gözegçilik edýär.
Anna Wintur häzir 75 ýaşynda. Ol Vogue žurnalynyň baş redaktory wezipesine 1988-nji ýylda bellendi. Wintur hemişe kämillige ymtylmasy we ýokary hünär ussatlygy, şeýle-de amerikan dizaýnerlerine berýän giň goldawy hem-de yzygiderli ýüze çykarýan täze atlary bilen tanalýar. Pudagyň köp sanly ýyldyzynyň üstünlikli karýerasy onuň beren «ünsi» bilen başlady.
Beýleki bir tarapdan, Anna Wintur ýolbaşçylykda berk we gaty talapkär häsiýeti bilen hem meşhurdyr. Şonuň üçinem oňa «Ýadro gyşy» (Nuclear winter) diýip lakam dakdylar. Bu at Wintour (Wintur) bilen winter (gyş) sözleriniň meňzeşligine esaslanýar. Şeýle-de belläp geçsek, «Melgun Prada geýýär» (The Devil Wears Prada) filmindäki baş gahrymanyň, ýagny Miranda Pristliniň keşbi Wintura esaslanyp döredilipdir. Filmde keşbi meşhur aktrisa Meril Strip ýerine ýetirýär.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....