Gaý Riçiniň «Gangsterland» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy

  • 26.06.2025 16:12
  • 3k+

Paramount kompaniýasy “Gangsterland” teleserialyny ikinji möwsüme uzaltdy diýip, Variety habar berýär.

Serial mart aýynda başlapdy, ilkinji möwsüminiň soňky bölümi bolsa 1-nji iýunda görkezildi. Serial alty hepde yzygiderli Nielsen reýtinginde iň gowy on original taslamanyň hataryna girmegi başardy.
Paramount-yň berýän maglumatyna görä, serialyň ilkinji bölümini dünýä boýunça 26 million tomaşaçy gördi. Paramount+ platformasynyň meşhur taslamalarynyň arasynda “Gangsterland” iň köp tomaşa edilen ikinji serial boldy — birinji orny Teýlor Şeridanyň “Ýer eýesi” (“Landman”) serialy eýeleýär.
Serialyň wakalary Londondaky Harriganlar atly jenaýatçy maşgala we olaryň ýardamçysy Garri da Souza (keşbi Tom Hardi ýerine ýetirýär) bilen baglanyşykly. Olar polisiýa we beýleki jenaýat toparlary bilen çaknyşyp, güýji ele geçirmek ugrunda göreşýärler.
Serialda Tom Hardiden başga-da, Pirs Brosnan, Helen Mirren, Paddi Konsidaýn, Joanna Froggatt, Lara Pulwer, Enson Bun, Mandip Dhillon, Žasmin Džobson, Jeff Bell, Deniel Betts, Liza Dwan we Emili Barber ýaly meşhur aktýorlar çykyş edýär.
Ssenaristler we baş prodýuserler — Ronan Bennett we Jez Batteruort. Gaý Riçi hem prodýuserleriň biri bolup, ilkinji iki bölümi surata düşürdi. Tom Hardi hem prodýuserlik toparynyň agzasy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......