Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Dýunanyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer

  • 26.06.2025 16:00
  • 2.1k+

Jeýms Bond baradaky indiki filmi kanadaly režissýor Deni Wilnýow surata düşürer diýip, Variety habar berýär.

Wilnýow “Gelip çykyş” («Прибытие»), “Duşman” («Враг»), “Päkiniň üstünden ylgap barýan 2049” («Бегущий по лезвию 2049») we “Dýuna” («Дюна») filminiň iki bölümi bilen tanalýar.
Taslamanyň prodýuserleri hökmünde Emi Paskal, Dewid Heýman hem-de Wilnýowyň ýanýoldaşy Tanýa Lapuant çykyş eder.

“Jeýms Bond häzirki zaman kino sungatynyň iň uly režissýorlarynyň biriniň elinde. Biz 007 agentiň indiki başdan geçirmelerine başlamak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, Prime Video we Amazon MGM Studios ýolbaşçysy Maýk Hopkins belledi.

Öz gezeginde Wilnýow Amazon MGM Studios-syna ynam üçin minnetdarlyk bildirdi:

“Men Bonduň uly muşdaklarynyň biri. Kino bilen bagly ilkinji ýatlamalarym 007 bilen başlanyp, kakam bilen bilelikde Şon Konneriniň “Doktor Nou” filminden başlap tomaşa edýärdik. Bu meniň üçin mukaddes ýer. Men däp-dessurlary hormatlap, täze missiýalar üçin ýol açmagy maksat edinýärin. Bu uly jogapkärçilik, şol bir wagtda hem örän tolgundyryjy we ägirt uly hormat” diýip, Deadline Wilnýowyň sözlerini getirýär.

Täze filmiň çykjak senesi we baş keşbi ýerine ýetirer aktýoryň ady häzirlikçe mälim däl. Häzirki wagtda ssenariýe üçin adam gözlenýär. Metbugat çeşmeleriniň maglumatyna görä, baş gahryman öňküsi ýaly erkek adam bolmagynda galar we ähtimal, britaniýaly bolar.
Häzirki wagta çenli Jeýms Bond baradaky soňky film — “Ölmek wagty däl” («Не время умирать») — 2021-nji ýylda görkezildi. Ony režissýor Keri Fukunaga surata düşürdi we ol dünýä boýunça $774 milliondan gowrak girdeji gazandy. Filmde öňki dört filmde bolşy ýaly baş roly Daniýel Kreýg ýerine ýetirdi. Emma ol indiki filmde bu rola dolanmaz.
Amazon 2022-nji ýylda MGM Studios-y satyn almagyň çäklerinde bondiana degişli hukuklary hem aldy. Muňa garamazdan, franşizanyň doly kontrollygy prodýuserler Maýkl J.Uilson bilen Barbara Brokkolide galýardy. Amazon bu franşizanyň doly hukuklaryny almak üçin 2025-nji ýylyň fewralynda goşmaça 1 milliard dollar tölemeli boldy.


düýn 11:16
4k+

Collider ähli döwürleriň iň gowy fentezi filmleriniň sanawyny düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň beýik 20 fentezi filminiň reýtingini çap etdi. Sanawdaky orunlar žanryň meşhurlygyny, onuň ähliumumylygyny we emosional täsirini kesgitleýär. «Fentezi filmlerini söýmezlik mümkin däl...

düýn 08:49
921

«Gaty geň zatlaryň» animasiýa spin-offy – «85-nji ýylyň hekaýatlary» tizer-treýleri çykdy

Netflix platformasy «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» atly taslamanyň tizer-treýlerini çykardy. Bu «Gaty geň zatlaryň» animasiýa görnüşindäki spin-offy bolup, onda bolup geçýän wakalar serialyň ikinji we üçünji möwsümleriniň arasyndaky döwri öz içine alar...

düýn 07:55
1.9k+

«Agyn daýysy!»: Maýkl Jekson hakdaky filmiň täze treýleri görkezildi

Lionsgate Movies kinokompaniýasy Maýkl Jekson baradaky terjimehal filmiň täze treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi sazandanyň ýegeni Jafar Jekson janlandyrýar. Film ilkinji gezek kinoteatrlarda 24-nji aprelde görkeziler...

03.02.2026 20:37
4.3k+

«Watan» kinokonsert merkezinde türk seriallary boýunça Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti bolar

15-nji fewralda «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň «Türk seriallaryndan mukamlar» atly konserti geçiriler. Bu çäre diňleýjileriň köpsanly haýyşlary boýunça gurnaldy. Konsertiň dirižýory Eziz Jumanyýazow bolar...