Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 

  • 25.06.2025 10:15
  • 9.2k+

Toyota GR Supra sport kupesiniň täze neslini işläp taýýarlaýar. Ýapon metbugatynyň habaryna görä, bu modeliň Lexus brendi astynda analogy peýda bolar. Iki awtoulag hem umumy platformada gurlar we gibrid elektrik güýç gurluşyny alar.

Best Car neşiriniň berýän maglumatyna görä, täze Supra öz ýapon arhitekturasynyň peýdasyna BMW Z4 platformasyndan ýüz öwrer. Esasy tehniki täzeligi gibrid bolar: turbo görnüşli 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji öz-özüne zarýad bermek ulgamy bilen bilelikde işlär. Yzky tekerleri hereketli, 8 ýa-da 10 tizlikli awtomatiki geçirişli we karbon kardan wally bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem, alty silindrli Mazda elektrik güýç gurşuny ulanmagynyň mümkindigi hem agzalýar.


Lexus şol bir tehnologiýany, ýöne başga bir gurnama bilen hödürläp biler: podweskasy has ýumşak, salony - has amatly we enjamlary bolsa kaşaň bolar. Şeýle hem bu modeliň Lexus hataryndaky RC kupesiniň we LC grand-turýeriň ornuny tutjakdygy çak edilýär.
Supranyň täze nesliniň 2026–2027-nji ýyllarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Lexus öz wersiýasy bilen biraz soň tanyşdyryp biler.
Toyota täze Supra-nyň işlenip taýýarlanýandygyny resmi taýdan tassyklady. Nesilleriň arasyndaky arakesme A80 bilen A90 aralygyndaky ýaly uzak bolmaz , şol gezek ol 17 ýyl bolupdy.


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....