Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesini terk edýär

  • 24.06.2025 18:01
  • 4.4k+

Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesinden gidýär. WWD-niň habar bermegine görä, çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda kabul edildi.

D’Attis 30-njy iýuna çenli işini dowam etdirer. Şondan soň brende wagtlaýyn ýolbaşçylyk Prada Group-yň ähli aktiwlerine gözegçilik edýän Andrea Guerra geçer.
Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, D’Attis bilen kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň arasynda dartgynlylyga sebäp bolan strategiki meseleler boýunça düşünişmezlik ýüze çykdy. Şol sebäpli brendiň baş direktory ýakynda Milanda geçirilen erkekler kolleksiýasynyň görkezilişine-de gatnaşmady.
Janfranko D’attis brende 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýolbaşçy bolup, Prada-da esaslandyryjynyň maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk ilkinji CEO boldy. Ondan öň Christian Dior Couture Americas-yň prezidenti wezipesini eýeledi.
Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe Prada Group kaşaň moda pudagyndaky pese gaçyşy beýleki köp bäsdeşinden has gowy geçirdi. 2024-nji ýylda kompaniýa rekord maliýe netijelerini görkezdi: girdeji 17% ýokarlanyp, 5,4 mlrd ýewro ýetdi. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde satuw ýene 13% - 1,34 mlrd ýewro çenli ýokarlandy.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....