Pixar-yň “Elio” atly täze multfilmi studiýanyň taryhynda iň ýaramaz kassa ýygymy bilen başlady

  • 24.06.2025 10:32
  • 3.2k+

“Elio” multfilmi hepdäniň ahyrynda ABŞ-da bary-ýogy 21 million dollar girdeji gazandy. Variety neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu Pixar üçin häzirki taryhynda iň gowşak ilkinji çykyş boldy. Filmiň umumy girdejisi 25 million - 30 million dollar aralygynda bolar diýlip garaşylýardy.

Film 150 million dollarlyk önümçilik býujeti bilen dünýäde 35 million dollar girdeji gazandy.
Ondan öň Pixar-yň ilkinji gezek iň pes netije görkezen “Ýönekeýje” («Элементарно») filmi hepdäniň ahyrynda 44,5 million dollar toplady. Emma soňra onuň girdejisi dünýädäki kassa ýygymynda 496 million dollara ýetdi. “Elionyň” awtorlary şeýle depgine bil baglaýarlar. Film CinemaScore-nyň ekzit-polynyň netijeleri boýunça “A” bahany, şeýle hem Rotten Tomatoes -da 85% oňyn syn aldy.
"Elio" filminiň ilkinji görkezilişi 20-nji iýunda bolup geçdi. Multfilmde kosmos hakda arzuw edýän oglanjyk hakda gürrüň berilýär. Ol tötänden “Kommuniwers” diýilýän gallaktikalar arasy gurama düşýär, ol ýerde ony Ýeriň ilçisi wezipesine belleýärler. Gahryman gaýry planetalylar bilen gatnaşygyny sazlamaly, planetalararasy çökgünligi ýeňip geçmeli we öz-özüne düşünmäge çalyşmaly bolýar.
Filme Madlen Şarafýan, Domi Şi we Adrian Molina režissýorlyk etdi. Prodýuseri Meri Elis Dram boldy. Gahrymanlara Ýonas Kibrib, Zoi Saldana, Remi Ejerli, Bred Garret, Jamila Jamil we Şirli Henderson ses berdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......