QS World University Rankings dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň täzelenen reýtingini çap etdi

  • 23.06.2025 13:42
  • 4.8k+

Iň abraýly halkara uniwersitetleriň sanawlarynyň biri bolan QS World University Rankings -iň täzelenen neşiri çap edildi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, sanawda öňdebaryjy orunlary ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň uniwersitetleri eýeledi.

Birinji ýeri ABŞ-nyň Kembrij şäherinde ýerleşýän Massaçusets tehnologiýa instituty (MIT) eýeledi. Ol dünýädäki iň köne we iň täsirli tehniki uniwersitetleriň biridir.
MIT 1861-nji ýylda ýurduň senagatynyň gülläp ösýän döwründe döredildi. Uniwersitetde dünýäniň 115 ýurtdan, takmynan, 12 000 talyp okaýar. Institut barlaglar üçin her ýyl takmynan 1 milliard dollar sarp edýär.
QS boýunça dünýäniň iň gowy 10 uniwersiteti:

  1. Massaçusetsiň tehnologiýa instituty (ABŞ)
  2. Londonyň Imperiýa kolleji (Angliýa)
  3. Stenford uniwersiteti (ABŞ)
  4. Oksford uniwersiteti (Angliýa)
  5. Garward uniwersiteti (ABŞ)
  6. Kembrij uniwersiteti (Beýik Britaniýa)
  7. Sýurihiň Şweýsariýa Federal tehnologiýa instituty (Şweýsariýa)
  8. Singapuryň Milli uniwersiteti (Singapur)
  9. Londonyň uniwersitet kolleji (Beýik Britaniýa)
  10. Kaliforniýanyň tehnologiýa instituty (ABŞ)

QS sanawyny her ýyl britan kompaniýasy bolan Quacquarelli Symonds düzýär. Ol THE (Times Higher Education) we ARWU (Şanhaý) sanawlary bilen bir hatarda dünýäde iň abraýly üçleriň biri hasaplanýar.
Bu sanawlar dünýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hiline we barlaglaryň derejesine baha bermekde dalaşgärler, ylmy guramalar, iş berijiler we döwlet edaralary tarapyndan giňden ulanylýar.

düýn 07:32
2.8k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....