Samsung islegiň peselmegi sebäpli Galaxy S25 Edge smartfonynyň önümçiligini azaldýar

  • 22.06.2025 19:32
  • 6.8k+

Samsung Galaxy S25 Edge smartfony mahabat kampaniýalaryna we alyjylara wada berlen bonuslara garamazdan, satuwa gowşak başlady we şowsuz bolmaga ýakynlaşýar. Günorta Koreýanyň The Elec neşiriniň habar bermegine görä, smartfonyň satuwy kompaniýanyň çaklamalaryndan pes boldy, şol sebäpli Samsung onuň önümçilik möçberini azaltdy.

Şeýle ýagdaý Samsung kompaniýasyna mahsus däl – brendiň flagman modelleri, adatça, çykandan soň ilkinji aýlarda gowy satylýar. Ýöne kompaniýanyň iň inçe smartfonyna bolan gyzyklanma garaşylmadyk ýagdaýda pes boldy. Bu hem geljekki meýilnamalary sorag astyna goýdy: Samsung hatda Galaxy S26 Plus-dan ýüz öwrüp, ony Edge wersiýasy bilen çalyşmakçydy, çünki Plus seriýasy satuw boýunça beýleki flagmanlardan yza galýar. Indi bolsa bu pikirden hem ýüz öwürmeli bolsa gerek.
Munuň bilen ugurdaşlykda Samsung amerikan bazary üçin Galaxy Z Fold 7 we Flip 7 eplenýän modelleriniň önümçiligini artdyrýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, iýun aýynda kompaniýa ABŞ üçin bu modellerden 600 müň birlik çykarar – bu geçen ýylky Fold 6 we Flip 6 üçin möçberden bir ýarym esse köpdür.
Ýöne üpjünçiligiň artmagy islegiň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly däl. Samsung Günorta Koreýadan ABŞ-a import harytlary üçin 25 göterim gümrük paçlary güýje girmezden ozal mümkin boldugyndan köp smartfon ibermäge çalyşýar.
Umuman, iýun aýynda kompaniýa Fold 7, Flip 7 we Flip 7 FE modellerinden 930 müň töweregi smartfon ýygnamagy meýilleşdirýär. Iýul aýynda önümçiligiň bazar islegine görä artdyrylmagyna garaşylýar.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...