Ajaýyp, arman peýdasyz: tehnohöwesjeň Nintendo Switch-i iň haýal iPhone-a öwürdi

  • 22.06.2025 18:11
  • 4.7k+

PatRyk lakamly tehnologiýa höwesjeňi Nintendo Switch oýun konsolynda iOS mobil operasion ulgamyny işe girizmegi başardy. Taslama synag maksatly geçirildi – ulgam, takmynan, 20 minutda ýüklenýär we ähli goşundylar dessine ýalňyşlyk ýüze çykyp ýapylýar diýip, «Tom’s Hardware» neşiri ýazýar.

Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin iPhone 11-e niýetlenip döredilen QEMU emulýatorynyň üýtgedilen wersiýasy ulanyldy. Onuň Nvidia Tegra X1 arhitekturasy esasynda işleýän Switch üçin uýgunlaşdyrylmagy iki güne çekdi.
Häzirki wersiýada çynlakaý çäklendirmeleri köp: gaty haýal ýüklenýär, ýygy-ýygydan näsazlyk ýüze çykýar we goşundylary işledip bolmaýar.
Synag Nintendo Switch 2 konsolynyň yglan edilmegi bilen bir wagtda geçirildi, bu bolsa asyl enjamyň mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň artmagyna sebäp boldy. Häzirki wagtda taslamanyň anyk peýdasy bolmasa-da, ol oýun ulgamlarynyň adaty bolmadyk ulanyş mümkinçiliklerini görkezýär.
PatRyk taslamanyň entek başlangyç tapgyryndadygyny belledi. Geljekde ulgamy optimizirlemek we onuň funksiýalaryny giňeltmek mümkinçiliginiň bardygyny hem aýdýar. Şeýle-de bolsa, häzirki ýagdaýynda hem bu synag tehnologiýa jemgyýetiniň ünsüni özüne çekdi we oýun konsolynyň täsin ulanylyşyna ajaýyp mysal boldy.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...