Barlag: Aý tozanyndan dem almak ozal pikir edilişi ýaly howply däl

  • 22.06.2025 18:13
  • 3.9k+

Kosmiki lukmançylyk merkezi bilen beýleki institutlaryň alymlary regolitiň, ýagny Aý tozanynyň potensial zäherliligini barlamak üçin laboratoriýa barlaglaryny geçirdiler. Ýerdäki tozandan tapawutlylykda, Aýdaky tozan bölejikleri has ýiti we eroziýa sezewar bolmansoň, olardan dem almak ozal has howply hasap edilýärdi.

Barlag üçin hünärmenler ozalky Aý missiýalarynda getirilen regolitleri ulandylar. Geçirilen barlagyň netijeleri «Life Sciences in Space Research» ylmy žurnalynda çap edildi.
Alymlar bölejikleriň şlemiň ýa-da ýaşaýyş modulynyň içine girip biläýjek dürli ýagdaýlaryny modelirlediler. Haýwanlara astronawtlaryň kabinanyň daşyndaky işjeňligi (EVA) wagty başdan geçirip biljek gysga wagtlaýyn täsirine deň dozalar berildi.
Barlagyň netijesinde, dem alyş ulgamynda orta derejeli täsirler ýüze çykdy: gyjynma, çişme we nemiň artmagy. Emma öýken dokumasynda ömürlik yz galdyryp biljek fibrozyň alamatlary ýüze çykmady. Täsirden birnäçe hepde soň, dem alyş doly dikeldi. Bu ýagdaý tozan bilen gysga möhletli täsirleşmäniň netijesinde ýüze çykýan üýtgeşmeleri doly dikeldip bolýandygyny görkezdi.
Şeýle-de alymlar skafandrlarda we ýaşaýyş modullarynda ulanylýan süzgüçleriň netijeliligini barladylar. Olar bölejikleriň köpüsini saklamaga ukyply bolup, ýokary ygtybarlylyk görkezdi.
Ylmy işiň awtorlary bu barlagyň diňe gysga wagtlaýyn täsirlere degişlidigini belläp geçýärler. Eger-de adamlar Aýdaky hemişelik bazalarda uzak wagtlap ýaşamaly bolsalar, onda Aý tozanynyň täsiri has giňişleýin öwrenilmeli bolar. Geljekki missiýalar üçin astronawtlaryň saglygynyň yzygiderli gözegçiligi we howa süzgüç ulgamlary möhüm ätiýaçlyk çäreleri bolup galýar.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....