NASA «Resilience» enjamynyň Aýa baryp urulmagynyň netijelerini görkezdi

  • 22.06.2025 18:05
  • 3.8k+

11-nji iýunda NASA-nyň Aýyň orbitasyndaky Lunar Reconnaissance Orbiter (LRO) atly enjamy Sowuk deňiz (Mare Frigoris) sebitini surata düşürdi. Bu ýere 5-nji iýunda ispace Mission 2 SMBC x HAKUTO-R Venture Moon atly («Resilience») Aý moduly baryp urlupdy.

Suratlar, takmynan, 80 km beýiklikden dar burçly kamera bilen düşürilen. Olarda modulyň baryp urlan ýeriniň töwereginde ýagty galonyň dörändigini görmek bolýar, ol uly bolmadyk burç bilen zyňylan Aý regolitiniň (topragynyň) bölejikleriniň yzlarydyr. Bu yzlar zarbanyň häsiýeti barada maglumat berýär.
Resilience moduly 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aýa ýük eltmek maksady bilen geçirilen hususy missiýanyň çäginde uçurylypdy.
Alnan suratlaryň öwrenilmegi hünärmenlere çaknyşygyň aýratynlyklaryny we şol sebitiň ýerüsti gurluşyny takyklaşdyrmaga mümkinçilik berer. Bu ýer uly jaýryklary bolan wulkanik sebit bolup durýar.
Fotosuratlar giňişleýin öwrenilip, geljekki missiýalara taýýarlyk görmekde we gonuş tehnologiýalaryny kämilleşdirmekde peýdalanylar.
LRO enjamy 2009-njy ýyldan bäri Aýyň orbitasynda hereket edýär. Onuň missiýasy Goddard kosmiki uçuş merkezinden dolandyrylýar. Enjamda ýerleşýän ýedi sany ylmy enjam NASA-nyň Aý maksatnamasy üçin möhüm maglumatlary ýygnamaga hyzmat edýär, bu bolsa Aýa adam ibermek baradaky meýilnamalary we hususy hem-de halkara hyzmatdaşlyklary öz içine alýar.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....