Falcon 9 bir ýylda orbita global peýdaly ýüküň 85%-ini çykardy

  • 22.06.2025 11:36
  • 2.3k+

SpaceX kosmos uçuşlary boýunça öňdebaryjylygyny saklamagy dowam etdirýär. Internet torunda hödürlenen infografika Falcon 9 raketasynyň orbita çykarylan peýdaly ýükleriň göwrümi boýunça beýleki – döwlet we hususy raketa göterijilerinden näderejede öňe geçýändigini görkezdi.

17-nji iýuna çenli ýagdaýa görä, bir ýylda Falcon 9 kosmosa 1992 tonna peýdaly ýük çykardy. Bu degişli döwürde 2356 tonna deň bolan global görkezijiniň 85%-ine barabardyr.
Deňeşdirmek üçin: 1992 tonna – bu, takmynan, 4,7 Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) ýa-da “Týangun” hytaý kosmos stansiýasy bilen bilelikde dört sany HKS-iň agramyna deňdir.
Galan raketalar peýdaly ýükleriň göwrümi boýunça Falcon 9-dan ep-esli yza galýar. Muňa garamazdan, umuman, kosmos işjeňligi boýunça ABŞ-dan soň ikinji orunda dürli görnüşli raketalary ulanýan Hytaý ýerleşýär.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......