Honor iň inçe we ýeňil eplenýän smartfony bilen Samsung-dan öňe geçer

  • 22.06.2025 11:50
  • 4.6k+

Honor kompaniýasy Galaxy Z Fold 7 çykmazdan öň Magic V5 modelini hödürlemek bilen eplenýän smartfonlaryň bazarynda Samsung-y gysyp çykarmak isleýär. Hytaý kompaniýasy smartfonyň suraty bilen tizer hödürläp, onuň tanyşdyryljak senesiniň 2-nji iýulda boljakdygyny yglan etdi.

Suratda ýapyk ýagdaýda smartfonyň gapdal bölegi görkezilýär. Öçürip-işletmek düwmesi we ses sazlaýjysy görünýär. Takyk ölçegler belli däl, ýöne daşky görnüşi taýdan, Honor ýapyk görnüşde 9,3 mm ýogynlykda bolan geçen ýylky Magic V3 modelinden öňe geçmegi meýilleşdirýär. Bu adaty Google Pixel 9-dan bary-ýogy bir millimetr ýogyndyr.
Tizeriň tekstinde Magic V5-iň “iň inçe we ýeňil” eplenýän smartfon, şeýle-de “EA-ly iň kuwwatly gurluş” boljakdygy görkezilýär. Mundan başga-da, PK derejesinde öndürijilik we brendleriň arasynda baglanyşyk wada berilýär.
Samsung-yň Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň tanyşdyrylyşy bir hepde giç – 9-njy iýulda bolup biler. Öndüriji täze smartfony kompaniýanyň häzire çenli çykaran iň inçe eplenýän smartfony hökmünde görkezdi.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...