Režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary auksionda 4,25 mln dollara satyldy

  • 21.06.2025 16:43
  • 2.6k+

Bewerli-Hillzde auksion geçirilip, onda 16-njy ýanwarda 78 ýaşynda aradan çykan režissýor Dewid Linçiň şahsy goşlary satyldy. Auksion Peninsula Beverly Hills myhmanhanasynda Julien’s Auctions auksion öýi tarapyndan Turner Classic Movies bilen bilelikde geçirildi. Ol onlaýn hem alnyp baryldy we dünýäniň dürli künjeginden muşdaklaryň hem kolleksionerleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Auksionda 450 töweregi predmet satyldy. Umumy girdeji 4,25 mln dollar boldy diýip, Deadline habar berýär.
Kolleksiýada filmleri surata düşürmäge degişli predmetler, rekwizit we režissýoryň meşhur filmleriniň surata düşürilişinden ýadygärlik esbaplary hödürlendi. Mundan başga-da, Linçiň öz şahsy goşlary – aýdym-saz gurallary, kitaplar, ýazgy enjamlary, şekillendiriş sungatynyň predmetleri, mebel, öý üçin bezeg predmetleri, hojalyk enjamlary, suratlar we hatda galstuklar, küldan we otluçöp satyldy.
Linçiň gyzyl deriden atly režissýorlyk kürsüsi, mysal üçin, 91 müň dollara satyldy.
Şeýle-de, “Ronnie Rocket: The Absurd Mystery of the Strange Forces of Existence” atly tamamlanmadyk film üçin 11 golýazma ssenarisinden ybarat bukja aýratyn gyzyklanma döretdi. Onuň üçin 195 000 dollar tölendi. Şeýle bahadan “Hiç ýere ýol” filminiň hem ssenarisi satyldy.
1998-nji ýyl bilen senelen “Malholland Draýw” filminiň ssenarisiniň garalamasy 104 müň dollara satyldy.
Linç kofe söýüji bolupdyr, şonuň üçin satylan goşlaryň arasynda birnäçe degişli enjamlar – La Marzocco GS/3 kofemaşyny ($45 500), Mazzer Mini Commercial Espresso elektrik kofe üweýjisi ($10 400 we ýene biri $7800), režissýoryň özi üçin küýzegär we suratkeş Kirsti Boll tarapyndan ýasalan we bezelen gowy görýän kürüşgesi Log Lady ($11 700) hem bardy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......