Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” horror-franşizasy üçin hukuklary satyn aldy

  • 21.06.2025 12:16
  • 4.8k+

Meşhur “Astral” (Астрал) we “Freddi bilen bäş gije” (Пять ночей с Фредди) horror filmlerini döreden Blumhouse kompaniýasy “Byçgy” (Пила) franşizasynyň ähli geljekki filmleri, şüweleňleri we beýleki taslamalary üçin hukuklary satyn aldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Ozal hukuklar Oren Kules bilen Mark Burga degişlidi, olar bilen şertnamanyň bahasy aýan edilmeýär. Kules öz beýanynda “estafetany geçirmegiň wagtynyň gelendigini” aýtdy, Burg bolsa “öňe hereket edip, täze wakalary gürrüň bermek” isleýändigini belledi.
Franşizanyň on filminiň ählisini çykaran we olaryň üsti bilen dünýä prokatynda bir milliard dollardan gowrak gazanan Lionsgate studiýasy 50% paýy saklap galar we täze filmleriň önümçiligine hem prokatyna kömek etmegini dowam etdirer.
Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji “Byçgy” filminiň režissýory Jeýms Wan täze bölümleriň önümçiligine gaýdyp geler. 2024-nji ýylda onuň Atomic Monster kompaniýasy Blumhouse bilen birleşdi.
Blumhouse-yň ýolbaşçysy Jeýson Blum “Byçgyny” “elhençlik žanrynyň tutuş neslini kesgitlän film” diýip atlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, franşizanyň medeni ähmiýeti artmagyny dowam etdirýär, şonuň üçin oňa maýa goýmagy strategiki ädim hasaplaýar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......