Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi

  • 21.06.2025 11:58
  • 4.9k+

Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, tennisçi Rafael Nadala markiz dworýan titulyny berdi. Bu monarhyň tagta çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede bolup geçdi.

Nadal dogduk mekany Malýorkanyň markizi boldy.
Dworýan titullaryny Ispaniýanyň ýene bäş görnükli wekili – aýdymçy Lus Kasal, Paralimpiýa suwda ýüzüjisi Tereza Perales, döwlet hukukçysy Haýme Alfonsin, biohimiýa professory Karlos Lopes-Otin we fotosuratçy Kristina Garsiýa Rodero aldy.
Patyşanyň belleýşi ýaly, bu şahsyýetler ýurt üçin nusgalyk göreldedir.

“Olar Ispaniýa üçin buýsanç çeşmesi we biziň jemgyýetimizi ruhlandyrmaly gymmatlyklar üçin hemişe nusgadyr” – diýip, El Pais neşiri Filipp VI-nyň sözlerini getirýär.

Markiz tituly miras hasaplanýar we nesillere geçirilip bilner.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......