Jeýms Gann kino sungatynyň çökmeginiň esasy sebäbini aýtdy

  • 20.06.2025 18:46
  • 4.1k+

«Galaktikanyň goragçylarynyň» (Guardians of the Galaxy) režissýory we DC kinoäleminiň ýolbaşçysy Jeýms Gann «Rolling Stone» neşirine giňişleýin interwýu berdi. Meşhur kinorežissýor şol söhbetdeşlikde kinoteatrlara gelýän tomaşaçylaryň sanynyň ýylsaýyn azalmagy bilen baglylykda, kino sungatynyň «ýuwaş-ýuwaşdan çöküp barýandygy» baradaky mowzugy gozgady. Häzirki wagtda adamlar filmleri kinoteatrda däl-de, öýlerinde striming hyzmatlary ýa-da YouTube-daky gysga synlar arkaly görmegi has makul bilýärler.

Gannyň pikiriçe, häzirki zaman kino sungatynyň çökgünlige uçramagynyň ýeke-täk sebäbi – tomaşaçylaryň gutarnykly däl ssenariý esasynda düşürilen filmlerden indi halys ýadamagy. Bu ýagdaý, esasanam, Marvel studiýasyna degişli. Olaryň döreden taslamalarynyň käbir sahnalary hatda surata düşüriliş wagty täzeden ýazylýar. Režissýoryň aýtmagyna görä, indi tomaşaçylar muny duýup başlady.

«Meniň pikirimçe, kino sungaty adamlaryň film görmek islemeýändikleri üçin ölenok. Muny öý kinoteatrlarynyň hiliniň ýokarlanmagy bilenem düşündirip bolmaz. Ilkinji sebäp – taýýar däl ssenariý esasyndan film düşürmegi. Biziň DC kinoälemimizde her ýyl hökman belli bir sanda film ýa-da teleşüweleň çykaýmaly diýen görkezmämiz ýok, Marvel ýaly däl. Biz diňe iň ýokary hilli diýip hasaplaýan taslamalarymyzy çykarmagy meýilleşdirýäs. Elbetde, käbir filmler ýa-da seriallar o diýen gowy bolman biler, emma ortaça alaňda, olaryň ýokary hilli bolmagyny umyt edýärin. Ýöne hiç bir taslama taýýar bolmadyk we düýpli işlenip düzülmedik ssenariý bolmazdan çykaýmaz» — diýip, Gann aýtdy.

DC kino äleminiň nobatdaky filmi «Supermen» bolar – ony hut Jeýms Gannyň özi düşürdi. Klark Kentiň täzeden başlan hekaýasynyň premýerasy 11-nji iýulda bolar.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......