Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar

  • 20.06.2025 17:12
  • 2.1k+

Apple 2027-nji ýyla çenli Apple Watch sagatlaryna ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ölçemek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada GF Securities analitigi Jeff Pu salgylanyp, Appleinsider neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, glýukometr 2027-nji ýylyň güýzünde çykmaly Apple Watch Series sagatlarynyň esasy funksiýasy bolar. Gurluş Apple-iň gandaky şekeriň derejesini ölçäp biljek ilkinji gajeti bolar. Bu glýukoza görkezijilerine yzygiderli gözegçilik etmeli süýji keselli ulanyjylar üçin aýratyn möhümdir.
Analitik goşmaça maglumat bermedi, ýöne Appleinsider kompaniýanyň derini deşmezden glýukozany barlamaga mümkinçilik berýän tehnologiýanyň üstünde köpden bäri işleýändigini ýatladýar. 2024-nji ýylyň güýzünde Bloomberg Apple-iň şeýle gurluşy döretmäge ýakyndygyny habar berdi.
Žurnalistler hem Apple Watch-da saglyk bilen bagly soňky uly funksiýanyň 2020-nji ýylda hödürlenen pulsoksimetr bolandygyny belläp geçýär. Ol ganyň kislorod bilen baýlaşma derejesini ölçemäge mümkinçilik berýär. Ýöne ABŞ-da satylýan täze modellerde bu funksiýa Apple bilen Masimo kompaniýasynyň arasyndaky patent dawasy sebäpli elýeterli däl. 


30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

25.05.2026 16:09
1.3k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....