Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi

  • 20.06.2025 10:13
  • 3.4k+

Hytaýly öndüriji HKC dünýäde ilkinji bolup 800 Gs täzelenme ýygylygy bolan oýun monitoryny hödürledi. Kompaniýa miniLED yşyklandyryşy we kwant nokat tehnologiýasy bilen FSA VA matrisasyny ulanypdyr.

«ITHome» portalynyň habaryna görä, mundan ozal TN panellerde ýetilen iň ýokary täzelenme ýygylygy 750 Gs, OLED panellerde bolsa 720 Gs-dir.
Täze monitor 24,5 dýuýmlyk ekrana eýe bolup, 1080p durulygy, 1200 nite çenli iň ýokary ýagtylygy we 4000:1 kontrast derejesini üpjün edýär. Şeýle hem reňk giňişliginiň 99%-i Adobe RGB-ni we 95%-i DCI-P3-ni öz içine alýandygy bellenýär. Enjam 1152 sany ýerli garaňkyratma zolagyny goldaýar, bu bolsa Apple Pro Display XDR deňeşdireniňde iki esse köpdür.
Monitor reňk takyklygyny ΔE<1,5 derejesinde berýär, 10 bit reňk çuňlugyna we 0,5 millisekuntlyk jogap wagtyna eýedir. Mundan başga-da, Nvidia G-Sync we AMD FreeSync Premium Pro tehnologiýalarynyň goldaýar, VESA DisplayHDR HDR1000 sertifikaty bolsa HDR derejesiniň ýokarydygyny tassyklaýar.
HKC bu monitory oýunçylar we kibersportçylar üçin niýetlenen enjam hökmünde hödürleýär. Enjamyň bahasy we haçan satuwa çykjakdygy heniz mälim edilmedi.
Ýeri gelende aýtsak, adam gözi 1000 Gs bilen 2000 Gs arasyndaky tapawudy saýgaryp bilmeýär, sebäbi 1 kGs – bu adam gözüniň kabul edip bilýän iň ýokary çägidir. Häzirki wagtda beýle monitorlar ýok.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......