Napoleon Bonapartyň şahsy goşlary Sotheby’s auksionynda satylar

  • 20.06.2025 09:50
  • 4.6k+

25-nji iýunda Sotheby’s auksionynda imperator Napoleon Bonapartyň goşlary satylar. Auksiona Pýer-Žan Şalansonyň şahsy kolleksiýasyndan taryhy predmetler çykarylar.

Auksiondan öň dizaýner Žan-Şarl de Kastelbažak fransuz hökümdaryna bagyşlanan özboluşly sergini geçirer. Ol duman, ses effektlerini we pop-art stilinde harby nyşanlary ulanmagy wada berýär. Dizaýner Napoleony diňe bir milli gahryman däl, eýsem “kolonial häkimiýeti berkiden” hökümdar hökmünde görkezmek isleýär.
Esasy lotlaryň arasynda imperatoryň şlýapa işleri boýunça ussasy Pupar tarapyndan taýýarlanan meşhur iki burçly şlýapa (bikorn) bar. Onuň bahasy 500 – 800 müň ýewro diýlip hasaplanýar. Şeýle-de, satuwa Napoleonyň altyndan we gara agaçdan ýasalan hususy möhüri satylar. Onuň bahasy – 150 – 250 müň ýewro.
Mundan başga-da, patyşalyk ýatalgasy, Notr-Dam ybadathanasyndaky täç geýdirmek dabarasyndan gylyç we goşun serkerdesiniň portretleri hödürlener.

şu gün 11:13
366

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

şu gün 10:55
444

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

şu gün 08:53
959

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
3k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....